The Message of Imam Khamenei to the Youth in Europe and North America, in Turkmen

Merhemetli we bagyşlaýjy Allanyň ady bilen

Ýewropa we Demirgazyk Amerikada ýaşaýan ähli ýaşlara

Fransiýadaky soňky bolan wakalar we beýleki Günbataryň käbir ýurtlarynda bolup geçen muňa meňzeş wakalar siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmäge iterdi. Men ene-ataňyzy hasaba almazlykdan däl-de, siziň halkyňyzyň we watanyňyzyň geljeginiň siziň eliňizdedigini görüp, şeýle hem hakykata ymtylýan duýgularyň siziň kalbyňyzda has janlydygy we oýadygy üçin siz ýaşlara ýüz tutýaryn. Bu hat arkaly, şeýle hem siziň ýurtlaryňyzyň syýasatçylaryna we döwletiň resmi adamlaryna ýüzlenmeýärin, sebäbi olaryň syýasaty bilgeşleýinden dogrulyk we dürs ýoldan çykarýandyklaryna ynanýaryn.

Men siziň bilen Yslam dini, aýratyn-da bu diniň size görkezilen nukdaýnazarlary we keşbi hakynda gürleşmek isleýärin. 20 ýyl bäri, ýagny takmynan Sowet Soýuzynyň dagamagyndan soň, bu beýik dini gorkunç bir duşman ýaly tanatmak üçin köp jan edildi. Gynansakda, gorky, ýigrenç duýgularyny öjükdirip, ondan peýdalanma Günbataryň syýasy taryhynda uzyn geçmişi bolan bir tendensiýadyr. Men bu ýerde häzire çenli Günbatar halklarynyň beýnilerine, ruhyna geçirilýän fobiýalaryndan söz açmak islemeýärin. Siziň özüňiz taryh bilen bagly soňky tankydy-ylmy işlere gysgaça nazar salsaňyz, täze taryhy ýazgylarda Günbatar döwletleriniň dünýäniň başga halklaryna we medeniýetlerine garşy mekirlik we ikiýüzlilik bilen ýazgarýandyyna göz ýetirersiňiz. Ýewropa we Amerikanyň taryhy gulçylyk döwri üçin utanç içindedir, kolonizm döwri üçin başy aşakdyr, derisi gara reňkli bolanlara we mesih bolmadyklara eden zulumlaryna utanýandyrlar. Siziň ýurtlaryňyzyň taryhçylary, alymlary din ady bilen katolikler bilen prawoslawlar arasynda, I we II dünýä söweşleriniň etniki we milli esaslary sebäpli dökülen ganlar üçin örän utanýandyklaryny ýüze çykardylar.

Bunuň özi öz-özünden tarypa mynasypdyr. Meniň hem bu uzyn sanawyň bir bölegini agzamakda maksadym taryhy ýazgarmak däl. Meniň islegim, siz öz intelegensiýa wekilleriňize şeýle bir sorag bilen ýüzlenmegiňiz:

Näme üçin Günbatarda jemgyýetçiligiň wyždanlary birnäçe onýyllykdan, käwagtlarda bolsa, birnäçe ýüzýyllykdan soň giç oýanmaly?

Näme üçin umumy jemgyýetçiligiň wyždany bu günüň meselelerini däl-de, uzak geçmişde bolup geçenlere üns çekýär?

Näme üçin Yslam ideologiýasyna we medeniýetine ýanaşmanyň usuly ýaly möhüm temada umumy informasiýalaşdyrmak prossesiniň öňi alynmaly?

Başgalara garşy kemsitme, ýigrenç döretme we ýalandan gorkuzma zulum bilen egoistleriň umumy häsiýetine öwrülendigini siz gowy bilýärsiňiz. Men siziň öz-özüňize şu sowallary bermegiňizi isleýärin:

Näme üçin geçmişden gözbaş alýan gorkutma we ýigrenç döretmäni ýaýratma syýasaty iň soňky derejede tizlik bilen bu gezek Yslama we musulmanlara gönükýär? Näme üçin häzirki dünýäde güýç struktura sistemasy yslam düşünjeleriniň gyra çekilip, passiw bolmagyny isleýär? Eýsem, Yslamyň haýsy taglymaty we gymmatlyklary uly güýçleriň meýilnamalaryny bimaza etýär? Eýsem, Yslam hakynda ýalňyş garaýyş formalaşdyrlymagynyň saýasynda haýsy gyzyklanmalar üpjün bolýar? Umuman, sizden birinji islegim, Yslamyň garşysyna giňden ýaýradylýan bu garalama kompaniýasynyň motiwlerini sorap, öwreniň.

Ikinji islegim, men sizden şu otrisatel ýaýradylmalara we hakykadyň bolmaýan garaýyşlaryna reaksiýa bereniňizde bu din hakda araçysyz, gönüden-göni maglumat almagyňyzy isleýärin. Sagdyn düşünje we mantyk azyndan sizi gorkuzýan, çekindirýän zadyň nämedigini, esasyny öwrenmegiňizi talap eder. Meniň nazarymy, ýa Yslam bilen bagly her bir garaýyşlary kabul ediň diýmek islemeýärin, tersine men häzirki zaman dünýäde bu dinamiki we efektiw hakykadyň size gorkuly niýet bilen görkezilmegine ýol bermäň diýmek isleýärin. Özlerine işe alynan terroristleri mekirlik bilen size musulman wekilleri diýip tanytmaklaryna ýol bermäň. Yslamy original çeşmelerden, ilkinji çeşmelerden öwreniň. Bu din bilen onuň mukaddes Gurhany, beýik Pygamberiň (saw) durmuş ýolunyň üsti bilen tanyş boluň. Bu ýerde size şeýle sowal bermek isleýärin: Häzire çenli hiç bir araçysyz musulmanlaryň Gurhanyna ýüz tutdyňyzmy? Yslam Pygamberiniň (saw) taglymatlary, onuň ahlak we ynsanperwerlik dersleri bilen tanyş bolduňyzmy? Şu güne çenli Yslam dininiň ýüzlenmesini umumy habar beriş serişdelerinden (mediýadan) başga bir çeşmeden alypdyňyzmy?

Heý özüňize Yslam dini nähili we haýsy gymmatlyklary esasynda uzyn asyrlar boýy dünýäniň iň uly ylmy-pelsepewi medeniýet we siwilizasiýasyny döredip, iň görnükli alym we akyldarlaryny ýetişdiripdir diýip sowal beripdiňizmi?

Meniň sizden islegim, gorkunç suratlandyrmalar bilen siziň bilen hakykadyň arasynda emosional-duýgy serhedini döretmeklerine, bitarap pikir ýöretmek mümkinçiligini eliňizden almaklaryna rugsat bermäň.

Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geografiki serhetleri açan döwründe siziň ýasama, subýektiw (hyýaly) düşünjeleriň serhedinde gabalmagyňyza ýol bermäň. Her näçe bu döredilen oýlary ýekelikde dolduryp bilmeseňiz hem siziň her biriňiz özüni we töweregindäki gurşawy habarly etmek üçin bu oýlaryň üstünden wyždan we düşünje köprüsini salyp biler. Yslam dini bilen siz ýaşlaryň arasyndaky öňden meýilnamalaşdyrylan mesele halanylmaz, emma bilesigelijilikli, hakykaty gözleýji akylyňyzda täze-täze sowallar döredip biler, bu sowallara jogap tapmak ugrunda görkezen yhlasyňyz hem hakykatlary äşgär etmek üçin amatly bir pursat bolup biler. Şol sebäpli yslamy ýazgarmazdan ozal dogry düşünme, aňlama mümkinçiligini elden bermän, belki siziň hakykata tarap jogapkärçiligiňiziň saýasynda geljekki nesiller Günbatar bilen Yslamyň arasyndaky garşylykly gatnaşygynynyň bu böleginiň taryhyny arkaýyn wyždan, azyrak ynjalyklylyk bilen ýazyp bilsinler.

 

Seýit Aly Hameneýi

21 ýanwar, 2015 ýyl

فیس بوک Facebook فارسی English
All Rights Reserved by Al-Mustafa International University © Copyright 2014